Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ysraýylyň aýdan wersiýasyny tassyklady


BMG Liwan-Ysraýyl serhedinde bolan çaknyşyga sebäp bolan agajyň Ysrýylyň tarapynda bolandygyny tassyklady.

3-nji awgustda Ysraýylyň esgerleri iki tarapyň arasyndaky "Gök zolakda" ösen agajy ýykjak bolanlarynda Liwan bilen iki aralykda ok atyşlyk emele geldi.

Wakada Liwan tarapyndan iki esger we bir žurnalist öldürildi. Ysraýylyň bir polkowniginiň hem heläk bolandygy habar berilýär.

Iki ýurduň arasyndaky serhediň jedelli ýerleri "Gök zolak" diýlip atlandyrylýar. Bu zolaga BMG-niň wekilleri gözegçilik edýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi taraplary asudalygy saklamaga çagyrdy.

Ysraýyl "Gök zolagy" agaçlardan arassalamak işini dowam etdirjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG