Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Ýaponiýa Eýrana garşy has berk sanksiýa girizmeli


ABŞ Ýaponiýany Ýewropa Bileleşiginden görelde alyp, Eýrana garşy has berk sanksiýalary kabul etmäge çagyrdy.

Bu barada Tokio eden saparynyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaraglaryň ýaýradylmazlygy we gözegçiligi boýunça ýörite geňeşçisi Robert Eýnhorn aýtdy.

“Biz Ýaponiýanyň hökümetine Ýewropa Bileleşigi tarapyndan kabul edilen sanksiýalara seretmegi maslahat berdik. Şol sanksiýalar hakykatdan hem berk. Ýaponiýa hem şeýle berk sanksiýalary kabul etse, bu ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirmez”, diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili belledi.

3-nji awgustda Ýaponiýa Eýrana garşy sanksiýalary girizip, şu aýyň soňuna çenli goşmaça çäreleri görjekdigini mälim etdi.

Iýun aýyda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň urany baýlaşdyrmagy bes etmeýändigi üçin bu ýurda garşy sanksiýalaryň 4-nji tapgyryny girizdi.
XS
SM
MD
LG