Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda adatdan daşary maslahat geçirildi


4-nji awgustda Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani ýurtda dörän ýagdaý bilen bagly adatdan daşary hökümet maslahatyny geçirdi.

Maslahatda kömege mätäç ilata wagtynda ýardam bermek we suw joşmasynyň ýetiren zyýanynyň möçberini anyklamak ýaly meselelere garaldy.

BMG-niň wekilleri soňky 80 ýylyň içindäki iň elhenç bu suw joşmasynyň Pakistanda 3 milliona golaý ilata ýaramaz täsir edendigini aýdýarlar.

Betbagytçylyk netijesinde 1400-e golaý adam heläk bolup, 1 milliona golaý adamyň öýsüz-öwzarsyz galandygy habar berilýär.

Pakistanyň harbylary betbagytçylyk ýüze çykan ýerlerde galan adamlary halas etmek işleriniň tamamlanyp barýandygyny habar berdiler.

General-maýor Atar Abbas özleriniň haýal hereket edýändigi baradaky tankytlary ret edip, halas ediş işleriniň çalt geçirilmegine ýaramaz howa şertleriniň we infrastrukturanyň weýran bolmagynyň böwet döredendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG