Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň prezidenti Britaniýa saparyna başlady


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Britaniýa 5 günlik saparyna başlady.

Ol Fransiýa eden iki günlük saparyndan soň Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen duşuşymagy göz öňünde tutýar.

Hepdäniň anna güni bolmaly bu duşuşykda Yslamabadyň terrorçylygy goňşy Owganystana we Hindistana eksport edýändigi baradaky Deýwid Kameronyň tankydy bellikleri barada gepleşik geçiriler diýlip garaşylýar.

4-nji awgustda Pakistanyň syýasy opposiziýasy ýurtda suw joşmasy zerarly bir ýarym müňe golaý adam heläk bolan mahaly prezident Zardariniň Ýewropa bir hepdelik sapar edýändigini ýene bir gezek ýiti tankytlady.
XS
SM
MD
LG