Sepleriň elýeterliligi

“Jenap Hameneýi, maňa näme diýeniň ýadyňdamy?”


Huşeň Asadynyň “Meni gynana hatlar” atly kitabyndan

Huşeň Asadynyň “Meni gynana hatlar” atly kitabyndan

Şahyň döwründe Eýranyň hazirki ýokary derejeli dini ýolbaşçysy Aýatollah Ali Hameneýi bilen bir türmede oturan 59 ýaşly ozalky syýasy aktiwist we “Meni gynana hatlar” atly kitabyň awtory Huşeň Asady bilen türme şertleri we Aýatollah Ali Hameneýi barada söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Golnaz Esfandiari.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz 1970-njy ýyllarda Şahyň döwründe türmä düşdüňiz. Ondan 10 ýyl çemesi soň hem sizi türmä dykyp gynan Yslam respublikasy boldy. Indi, türme şertlerini deňeşdirip göreniňizde, arada tapawut barmy? Bularyň haýsysy has ýaramazdy?

Huşeň Asady
Huşeň Asady:
Şahyň döwrunde türmedekäm men urlup-ýenjilemokdym. Diňe birje gezek ýüzüme şarpyk çalyndy. Ýöne köp dostlarymyň urlup, ýenjilip, gynalandygyny gördüm. Esasy tapawut - ideologik aňtaw apparatlary bilen ideologik däl apparatlar. Şahyň režiminde aňtaw işgärleri öz etmeli işlerini edýärdiler. Olaryň isleýäni maglumatdy. Urup-ýenjip gynama hem bardy.

Yslam respublikasynyň türmelerinde bolsa, biz ideologiýa ýykgyn edýän soragçylar bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Olaryň ilkinji wezipesi tussaglaryň erkini syndyrmakdy. Maglumat we beýleki meselelere gezek şondan soň gelýärdi. Olar tussaglaryň erkini elinden alyp, özleriniň ideologik taýdan üstündiklerini subut etjek bolýardylar. Olar üçin maglumat ikinji orunda durýardy. Bu Şahyň döwri bilen deňeşdirip boljak zat däl. Yslam respublikasynyň soragçylary Şah režiminiň iň ýaman atly soragçylaryny-da gaty yzda galdyrdylar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz 1974-njy ýylda Aýatollah Ali Hameneýi bilen bir türmede oturdyňyz. Ol indi Eýranyň iň uly lideri. Siz kitabyňyzda ony örän açyk, adamkärçilikli, edebiýaty söýýän adam diýip häsiýetlendirýärsiňiz. Köpler indi diktator hasaplanýan adamy beýle suratlandyrandygyňyz üçin sizi tankytlaýarlar. Hameneýi bilen gatnaşygyňyz barada az-kem maglumat beräýseňiz?

Huşeň Asady: Kitabymda Hameneýi barada ýazan zatlarym mundan 40 ýyl ozalky zatlar. Ondan bäri dünýäde düýpli özgerişler boldy. Meniň ýaly garşy garaýyşly adam bilen bir türmede oturan Hameneýi ýokary derejeli lider boldy.

Onuň şol wagtky şahsyýeti barada ýazan zatlarym üçin meni tankytlamaly däl. Ýazan zatlarym dogry. Türmede oňa sataşanymda ol gaty mylakatly, güler ýüzli adamdy. Ol häkimiýet başyna gelensoň dünýä üýtgedi. Aslynda meniň Hameneýini suratlandyryşym bilen onuň häzir tanalyşy arasyndaky tapawut bir adamyň gudrata ýetensoň nähili üýtgeýänligini görkezýär.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Şu wagt Hameneýi bilen gürleşip bilseňiz, oňa näme diýerdiňiz?

Huşeň Asady: 1975-nji ýylyň sowuk gyş günleriniň birinde meni Hameneýi bilen bolýan türmämden başga bir türmä geçmeli etdiler. Hameneýi gaty hordy, sandyraýardy. Men egnimdäki geýmimi çykaryp oňa berdim. Ol ilki almajak boldy. Ýöne soňra alyp geýensoň, hoşlaşyp gujaklaşdyk. Ol şonda aglap maňa ‘Huşeň, yslam häkimiýete gelse, bir damja-da ýaş dökülmez’ diýdi. Oňa indi berjek soragym şu: ‘Jenap Hameneýi, şol gün maňa näme diýeniň ýadyňdamy? Indi sen Eýranyň taryhynda iň güýçli hökümdarkaň, dökülýän ýaş ýokmy?
XS
SM
MD
LG