Sepleriň elýeterliligi

Rus içalylary Gündogar Ýewropada


Harby ekspert A.Golts: "Moskwa Çehiýa öňki SSSR bilen Günbataryň arasyndaky serhediň bir bölegi hökmünde garamagyny dowam etdirýär".

Harby ekspert A.Golts: "Moskwa Çehiýa öňki SSSR bilen Günbataryň arasyndaky serhediň bir bölegi hökmünde garamagyny dowam etdirýär".

Çeh ady Robert Rohardzo bolan içaly Çehiýanyň türme gullugynda psiholog bolup işläpdi. Rohardzo geçen ýyl ýitirim boldy we onuň Orsýetdedigi çak edilýär.

Geçen hepde “Mlada Fronta Dnes” gazetiniň ýazmagyna görä, şol içalynyň dürli ýyllarda üç generalyň elinde edara başlygy bolup işlän, maýor çinli aýal hemşerisi bolupdyr. Bu habara Çehiýada sanlyja adam haýran galan bolsa gerek. Sebäbi mundan az wagt öň ABŞ-da Orsýetiň 10 içalysy tutulyp, ýurtdan çykarylypdy.

Çehiýanyň Daşary aňtaw gullugynyň öňki başlygy Karel Randagyň pikiriçe, bolup geçen soňky wakalar Orsýetiň içalylarynyň Çehiýada berk ornaşandygyna köpleriň ynanýandygyny tassyklaýar. “Men olaryň ähli ýerde içalyçylyk edýändigine ynanýaryn. Men muňa haýran galamok we Çehiýa respublikasyny hem aradan aýramok“ diýip, Randak aýtdy.

Energiýa biznesi

Orsýetiň içalysynyň nähili peýdaly maglumatlary ýygnandygy anyk däl. Çehiýanyň gazeti ýurduň aňtaw gullugynyň şol içalyny ençeme ýyllap yzarlandygyny hem ýazdy. Bu Orsýetiň içalylarynyň Çehiýada köpelýändigi bilen bagly wakalaryň ahyrkysy. Çehiýanyň aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, Orsýetiň diplomatiýa jemgyýetçiliginiň azyndan 60 agzasy Çehiýada içalylyk edýär.

Ýakynda Çehiýanyň kontraňtaw gullugynyň öz hasabatynda duýdurmagyna görä, “Orsýetiň içalyçylygy “agressiw” we, hususanda, energiýa biznesine gözegçilik edýär. Orsýetiň aňtaw işleri ösýär we onuň käbirleri hatda Çehiýa Respublikasynyň bähbitlerine gapma-garşy”.

Geçen ýyl Çehiýanyň hökümeti Orsýetiň iki diplomatyny deportasiýa etdi. Olara Çehiýada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raketa hüjümlerinden goranyş sistemasyny gurmak planyna garşy jemgyýetçilik pikirini döretmek ugrunda tagalla etmäge gatnaşanlykda aýyplama bildirildi.

Putiniň mentaliteti

Moskwaly harby ekspert Aleksandr Goltsyň sözlerine görä, Orsýetiň hökümeti içalyçylyk arkaly ýygnalýan maglumatlara daýanmagyny ösdürýär: “Bular ýurduň liderlerine, aýratyn-da, öňki KGB ofiseri premýer-ministr Putiniň mentalitetine täsir edýär. Ol ozalky kärdeşleriniň köpüsini ýokary derejeli hökümet we biznes wezipelerine belledi”.

Harby ekspert Aleksandr Goltsyň pikiriçe, Orsýetiň häzirki premýer-ministri Wladimir Putine jemgyýetde açyk gürrüň edilýän zatlar asla hakykat däl. “Hakykat gizlenen. Ony diňe ýörite usullar bilen tapmak mümkin diýen dünýägaraýyş mahsus” diýip, Golts aýtdy.

Goltsyň sözlerine görä, Orsýetiň içalyçylygynyň NATO-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň täze agzalaryna gönükdirilmegi haýran galarlykly zat däl: “Munuň bir ýönekeý sebäbi bar. Ýagny, köne gatnaşyklar saklanyp galan. Çehiýada ýa-da Bolgariýada ornaşmak Britaniýada ýa-da Belgiýada ornaşandan has aňsat”.

Çehiýanyň “ähmiýeti”

Harby ekspert A.Golts bilen çehiýaly žurnalist Petr Plesl hem ylalaşýar: “Moskwa Çehiýa öňki SSSR bilen Günbataryň arasyndaky serhediň bir bölegi hökmünde garamagyny dowam etdirýär. Olaryň Çehiýanyň näme planlaşdyrýandygyny we Günbatar bilen strategiki hyzmatdaşlygyny bilmegi zerur. Olaryň Çehiýanyň harby we howpsuzlyk güýçleriniň ümzüginiň nirädigini bilmegi zerur”.

Plesliň pikiriçe, köne içalylyk usullary Moskwanyň Çehiýada öz täsirini ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň diňe bir bölegi. “Döwletiň gözegçiligindäki we täsirli rus kompaniýalary, hususan-da, energiýa pudagynda Kremliň bähbitlerini berk goraýarlar” diýip, Petr Plesl aýtdy.

Žurnalist P.Plesliň sözlerine görä, geçen hepde Orsýetiň içalysy barada syrly aňtaw gullugynyň ýaýradan maglumaty öňki kärdeşlerine garanda, merkezçi-sagçy premýer-ministr Petr Neçasyň ýurtda Orsýetiň täsirini azaltmak üçin “bilini berk guşajakdygyny” aňladýan bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG