Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki güýçli ýangynlar dowam edýär


Orsýetiň prezidenti D.Medwedew Moskwa welaýatynyň Kolomenskiy etrabynyň harby bazasynda ýangyn bolandygy üçin Harby deňiz flotunyň birnäçe ýokary derejeli ofiserini işden boşatdy.
Ol tomusky dynç alşyny kesip, ýangyn baradaky adatdan daşary maslahata gatnaşdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň maglumatyna görä, geçen 24 sagadyň dowamynda ýangyn söndürijiler 300 çemesi ýangyn ojagyny söndürdiler. Emma, täze 400 ýangyn ojagy döredi we başga-da 500-den gowragy henizem ýanýar.

Soňky habarlara görä, güýçli yssy sebäpli 10 çemesi regionda başlan ýangynlarda 48 adam öldi, 3,500 çemesi adam öý-öwzarsyz galdy.

Çarşenbe gijesi Moskwada ekologiýa ýagdaýlarynyň ýene-de ýaramazlaşandygy habar berildi. Şäheri ýangyn sebäpli dörän tüsse gurşap aldy. Moskwanyň birnäçe metrosyna tüsse aralaşandygy habar berildi. 3 ýaşa çenli çagalara we garrylara 8 gatly hasa sargy ulanmak maslahat berildi.
XS
SM
MD
LG