Sepleriň elýeterliligi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi


Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, düýn prezident G.Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň geçen 7 aýdaky işleriniň netijelerine garaldy.

Maslahatda ýurduň Ýaragly güýçleriniň material-tehniki ýagdaýyny ösdürmek, ýokary hünärli harby kadrlary taýýarlamak we harby gullukçylar üçin amatly sosial şertleri döretmek meselelerine uly üns berildi.

Şeýle-de maslahatda neşeleriň bikanun aýlanşygyna garşy göreş barada hem gürrüň edildi diýip, türkmen metbugaty ýazdy.
XS
SM
MD
LG