Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda 10 adam azatlykdan mahrum edildi


Täjigistanyň demirgazygyndaky Hojend şäher sudy 10 adamy azatlykdan mahrum etdi. Olar Yslamçy “Hizb ut Tehrir” toparynyň agzasy bolanlykda günälendiler.

Suduň maglumatyna görä, olar hökümeti agdarmak üçin bidüzgünçilige çagyryş etdiler, bikanun jenaýatçy topary döretdiler we milli, etniki hem-de dini ýigrenç döretdiler.

Olar 3 ýyldan 15 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi. Olaryň arasynda 6 ýyl berlen 70 ýaşly goja hem bar.
XS
SM
MD
LG