Sepleriň elýeterliligi

Peşawardaky hüjümi Talyban topary boýun aldy


Pakistanyň Peşawar şäherinde bolan terrorçylykly hüjümiň jogapkärçiligini ýurduň Talyban topary boýun aldy. Olar howpsuzlyk güýçleriniň işgärlerine hüjümlerini dowam etdirjekdiklerini aýdyp, haýbat atýarlar.

Ýarym harby polisiýanyň ştabynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan partlamada 10 adam ýaralandy. Polisiýanyň başlygy we onuň 2 işgäri hüjümiň pidasy boldy.

Ýarym harby polisiýanyň işgärleri ýurduň demirgazyk-günbataryndaky söweşijilere garşy göreşmäge serhetçilere kömek edýärler.
XS
SM
MD
LG