Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň polisiýasynyň gelmegine garşy çykylýar


Düýn Bişkekde Gyrgyzystanyň 35 sany ýaşlar guramasynyň wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň 52 agzadan ybarat polisiýa güýçlerini Oşa getirmek baradaky planlara bilelikde garşy durjakdyklaryny yglan etdiler.

Täze hereketiň liderleriniň biri Askarbekowyň aýtmagyna görä, prezident Roza Otunbaýewa şol güýçleriň Oşa iberilmegine ÝHHG-e rugsat etmek bilen öz ygtyýarlygyndan galp peýdalandy.

“Prezident syýasy partiýalaryň liderleriniň we täsirli adamlaryň pikirlerini diňlemeýär. Olar Gyrgyzystana daşary ýurt güýçleriniň getirilmegine garşy” diýip, Askarbekow aýtdy.

Düýn ýaşlaryň toparlaryndan ybarat başga bir bileleşigiň wekilleri Oşdaky regional häkimligiň binasynyň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Olar hem ÝHHG-niň polisiýa güýçleriniň Oşa gelmegine garşy. Polisiýa bu demonstrasiýany dargatdy.
XS
SM
MD
LG