Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braýza Bakuwda ilçi bolarmy?


Azerbaýjana ilçli hökmünde prezident Barak Obama tarapyndan teklip edilen Metýu Braýza
Azerbaýjana ilçli hökmünde prezident Barak Obama tarapyndan teklip edilen Metýu Braýza

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasy Azerbaýjana ilçi hökmünde prezident Barak Obama tarapyndan teklip edilen Metýu Braýzanyň kandidaturasy baradaky ses berişligi soňa goýdy.

3-njy awgustda geçirilen diňlenşikde Senatynyň daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň başlygy Jon Kerri (demokrat) bu ses berişligiň komissiýanyň agzasy Barbara Bokseriň (demokrat) haýyşy boýunça yza süýşürilendigini aýtdy.

22-njy iýulda bu komissiýanyň geçiren diňlenşiginde M.Braýza agyr soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Käbir wekilleriň garaýşyça, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dartgynlykda Bakuwyň oýnaýan roly barada M.Braýzanyň bilýän zatlary ýeterlik däl.

Sorag astynda

Diňlenşikde ermeni asylly amerikanlaryň köp ýaşaýan ştaty bolan Kaliforniýa wekilçilik edýän senator B.Bokser M.Braýzadan 18-19-njy iýunda Daglyk Garabagyň golaýynda bolan atyşykda näme üçin Azerbaýjany açyk ýazgarmanlygyny sorady.

M.Braýza bolsa, ÝHHG-niň zorlugy ýazgaryp çykaran beýanatyna salgylanyp, “Daglyk Garabag konflikti boýunça harby çözgüt ýok” diýdi. B.Bokser oňa: “Siziň bu aýdýanyňyz bilen ylalaşýaryn. Sizden Azerbaýjanyň ýazgarylmagy boýunça berk jogaba garaşmagymyň sebäbi şol” diýip, jogap berdi.

Senatynyň daşary gatnaşyklar boýunça komissiýasynyň diňlenşiginde M.Braýzanyň Bakuwdaky hökümet agzalary bilen bolan gatnaşyklary we bähbitler boýunça potensial gapma-garşylyklar hem agzaldy.

Agzalan ýene bir mesele M.Braýzanyň aýaly Zeýno Baranyň türk bolmagy. Ol Waşingtonda bir konserwatiw guramada işleýär. Energiýa ägirdi “ExxonMobil” bu gurama pul kömegini berýär. M.Braýza Azerbaýjanda ABŞ-nyň ilçisi bolaýsa, ol regionyň çylşyrymly energiýa syýasatynda uly rol oýnap biljek.

M.Braýza: “Tankytlanmak diplomat bolmagyň aýrylmaz bir bölegi” diýdi. “Tankytlanmak, bu ýa-da ol tarapa ýykgyn edýär diýlip pikir edilmegi oýnuň bir bölegi. Men hemişe obýektiw bolup, gerek bolan ýerinde ýiti habarlary hem ýetirmeli” diýip, Braýza aýtdy.

Indiki ädim

Ermenileriň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Milli komitetiniň dolandyryjy direktory Aram Hampariýan M.Braýzanyň Azerbaýjana ilçi hökmünde iberilmegi boýunça ses berişligiň yza süýşürilmegini gowy garşylady.

“Ses berişligiň soňa goýulmagy senatorlara we degişli adamlara ýagdaýa siňe seredip, teklip edilýän adamyň jogaplaryny diňe bir gözden geçirmäge däl, eýsem bu jogaplary yzarlap, Bakuwa iberilýän adamyň ABŞ-nyň dünýädäki bähbitlerine we gymmatlyklaryna oňat wekilçilik etmegini gazanmaga hem mümkinçilik berýär” diýip, A.Hampariýan aýtdy.

Senatda ses berişligiň yza goýulmagy adatdan daşary zat däl. Ýöne M.Braýzanyň ret edilmek ähtimallygy hem ýok däl. Kolumbiýa uniwersitetinde Günorta Kawkaz boýunça ekspert Linkoln Miçel: “Bellenmeli zat - muňa garşy çykýanlar ilkinji nobatda Obamanyň öz partiýasynyň agzalary” diýýär.

“Bu döwlet sekretary ýa şolar ýaly juda ýokary wezipe däl. Bu bir uly syýasy gürrüň däl-de, ownuk syýasy gürrüň bolup galar. Obamanyň administrasiýasy bu ugurda soňuna çenli göreşer diýip pikir edere hiç hili esas ýok. Munuň partiýanyň öz içindäki göreşdigi belli bolsa, olar muny bes ederler” diýip, L.Miçel aýdýar.
XS
SM
MD
LG