Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-Owgan-Pakistan-Hindi gaz geçirijisi gün tertibinde


Düýn Aşgabatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň proýekti boýunça tehniki toparyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Bu maslahata bu proýekte gatnaşyjy dört ýurduň hemmesinden ýokary derejeli resmiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi maslahata gatnaşyjylaryň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi bilen bagly işleriň mümkin boldugyça ýakyn wagtlarda durmuşa geçirilmegini goldap çykyş edendiklerini habar berýär.

Şeýle hem, maslahata gatnaşan wekilleriň bu gürrüňi edilýän proýekt boýunça ozalky baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG