Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde galla önümleriniň eksporty wagtlaýynça gadagan


Şu gün Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin ýurtdan galla önümleriniň eksport edilmegine wagtlaýyn gadagançylyk giriziji karara gol çekdi.

Bu karar Orsýetde adatdan daşary yssy howa zerarly galla meýdanlarynda ýüze çykan gurakçylygyň fonunda kabul edildi.

Orsýetiň häkimiýetleri ýurduň merkezi regionlarynda ýüze çykan adatdan daşary gurakçylyk zerarly bu ýylky däne ekinleriniň azyndan 20 prosentiniň ýok edilendigini aýdýarlar.

Şu günki geçirilen hökümet maslahatynda Wladimir Putin şu ýylyň 15-nji awgustyndan başlap 31-nji dekabryna çenli galla önümleriniň eksport edilmeginiň wagtlaýynça togtadylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG