Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ýüzlerçe protestçiler dargadyldy


Şu gün Gyrgyzystanyň häkimiýetleri paýtagt Bişkegiň merkezine ýygnanmakçy bolan ýüzlerçe protestçileri dargytmak üçin göz ýaşardyjy gazlary we demikdiriji granatlary ulandylar.

Wakada harbylar Bişkegiň eteginde esasy transport ýolunyň ugrunda şähere barýan protestçileriň öňüne böwet bolup, olary güýç bilen dargytdylar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Keňeşbek Duşebaýew Bişkekde demonstrasiýa geçirmäge gelýän adamlardan käbirlerinde ok atýan ýaraglaryň bardygy we olaryň ýurduň wagtlaýyn hökümetini häkimiýetden çetleşdirmäge synanyşmaklarynyň mümkindigi barada maglumatyň gelip gowşandygyny aýtdy.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, Bişkekdäki parlament binasynyň daşyna üýşen uly bolmadyk protestçiler topary Yssyk-Köl oblastyndan oppozisiýa lideri Urmat Baryktobasowy goldap çykyş etdiler we onuň premýer-ministriň wezipesine bellenmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG