Sepleriň elýeterliligi

Dubaýda gysga geýimli britan aýal saklandy


Şu gün Dubaýyň polisiýasy Dubaý şäherindäki söwda merkezlerinden birinde britaniýaly bir aýalyň içki geýimde gezip ýörendigi üçin, onuň wagtlaýyn tussag astyna alnandygyny mälim etdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Dubaýdaky söwda merkezindäki bu waka dini baş örtgüli bir ýerli aýalyň britaniýaly bu aýalyň gysga maýka geýmegini tankytlamagynyň yzy bilen ýüze çykypdyr.

Maglumata görä, ýerli arap aýalynyň eden bu tankydyna jogap edip, britaniýaly aýal öz ýubkasyny hem çykaryp, söwda merkezinde özüniň içki geýiminde aýlanyp başlapdyr.

Maglumata görä, söwda merkeziniň goragçylary bu aýallaryň ikisini-de saklap, olary polisiýa edarasyna alyp gidipdirler.

Polisiýa işgärleriniň geçiren gysga gürrüňdeşliginden soň, olaryň ikisiniň-de erkinlige goýberilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG