Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: taryhy binalara ýumrulmak howpy abanýar


Arhnadzor” toparynyň aktiwistleri 24-25-nji iýulda Moskwanyň häkimiýetleriniň Alekseýewleriň jaýyny ýumurmak kararyny ýazgaryp çykyş etdiler.
Arhnadzor” toparynyň aktiwistleri 24-25-nji iýulda Moskwanyň häkimiýetleriniň Alekseýewleriň jaýyny ýumurmak kararyny ýazgaryp çykyş etdiler.

Moskwada 19-njy asyra degişli nobatdaky binanyň ýumrulmagy Orsýetiň paýtagtyny özgertmek boýunça ýakynda kabul edilen baş planyň has köp taryhy ýadygärlikleriň ýumrulmagyna sebäp boljagy baradaky howatyrlanmalary güýçlendirdi.

Şäheriň taryhy keşbiniň ýok edilmegine garşy çykyş edýän aktiwistler Orsýetiň paýtagtynyň beýleki taryhy binalaryny goramak boýunça özleriniň göreşlerini güýçlendirjekdiklerini yglan etdiler.

Taryhy ýadygärlikleri goramak boýunça “Arhnadzor” toparynyň aktiwistleri 24-25-nji iýulda Moskwanyň häkimiýetleriniň Alekseýewleriň jaýyny ýumurmak kararyny ýazgaryp çykyş etdiler we suda ýüz tutjakdyklaryny aýtdylar.

Şeýle hem “Arhnadzor” topary Russiýa Federasiýasynyň Baş prokuraturasyna ýüzlendi we şäheriň medeni mirasyny goramaga borçly paýtagt Moskwanyň Miras komitetiniň işini derňemegi talap etdi.

19-njy asyryň başynda gurlan, nesilden-nesile geçip, öz döwründe rus söwdegärleri Alekseýewler maşgalasynyň eýeçiliginde bolan bina şäheriň ýörite gorag astyndaky taryhy böleginde ýerleşen hem bolsa, ol ýumruldy.

Alekseýewleriň ýumrulan jaýynyň ýerine täze myhmanhananyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu myhmanhananyň gurluşygy Moskwany özgertmek boýunça 15 ýyllyk planyň bir bölegi bolup durýar.

Şäher gurluşygy planyň bir bölegi


3-nji awgustda geçirilen metbugat ýygnagynda “Arhnadzoryň” aktiwisti Konstantin Mihaýlow “köne binalaryň ýumrulmagy taryhy binalary gaýtadan gurup, şäheriň taryhy keşbini dikeltmek syýasaty bilen düşündirilýär” diýdi.

Emma K. Mihaýlow täze guruljak muhmanhananyň ýumrulan binadan düýpden tapawutlanýanlygyny bellemek bilen Moskwanyň häkimiýetleriniň düşündirişleriniň hakykata gabat gelmeýänligini belledi.

Orsýetiň paýtagty Moskwanyň merkeziniň günorta böleginde 19-njy asyryň başynda ampir äheňinde gurlan Alekseýewleriň binasy rus söwdegärler maşgalasynyň birnäçe nesilleriniň eýeçiliginde bolupdy.

Geçen hepde-de Orsýetiň Jemgyýetçilik palatasy bu binanyň ýumrulmagyna garşy çykyş etdi we ýaýradan beýannamasynda şäher administrasiýasyny ýazgaryp, ony köne Moskwanyň hakyky keşbiniň galyndylaryny ýok etmekde aýyplady.

Şäher resmileri bolsa köne binalaryň ýumrulmagyny, Moskwanyň uzak möhletleýin bähbitleri bilen düşüdirýärler. Olar täze guruljak myhmanhananyň ýylda müňlerçe syýahatçylary kabul etmäge ukyply boljagyny aýdýarlar.

Şeýle-de şäher häkimiýetleri Alekseýýewleriň binasynyň taryhy taýdan gymmatlylygyna şübhe bildirip, 19-njy asyryň başynda gurlan binada ozal alty gezek dikeldiş çäreleriniň geçirilenligini belleýärler.

“Arhnadzoryň” aktiwisti K.Mihaýlowyň sözlerine görä, şäheri özgertmek boýunça kabul edilen baş plan Moskwanyň arhitektura taýdan gymmatly ýene ençeme binalarynyň ýumrulmagyny göz öňünde tutýar.

Orsýetiň paýtagty Moskwada ýumrulmagy planlaşdyrylýan binalaryň arasynda şäheriň merkezinde ýerleşýän we 20-nji asyryň başynda gurlan döwrebap äheňdäki bina we 18-nji asyrda gurlan jaýlaryň ençemesi bar.

Medeni gymmatlyklaryň gorag çäreleri

Taryhy ýadygärlikleri goramak boýunça “Arhnadzor” toparyndan Nataliýa Samower Moskwanyň taryhy binalarynyň ýok edilmegi bilen, paýtagtyň arhitektura taýdan aýratynlygynyň hem ýitip gitjegine ünsi çekýär.

Aktiwistler şäher häkimiýetleriniň taryhy binalary goramak boýunça bar bolan kanunlaryň gowşak taraplaryndan peýdalanýanlygyny we medeni taýdan gymmatly binalary ýumurmak üçin peýdalanýanlygyny aýdýarlar.

“Arhnadzor” Moskwanyň Miras komitetine ýüzlenip, Alekseýewleriň jaýyny ýumurmakdan halas etmäge çalyşdy. Emma olaryň ýüzlenmesi ret edildi. Komitetiň jogaby bina ýumrulan gününiň ertesi, 26-njy iýulda gowşuryldy.

Komitetiň jaýyň ýumrulmagynyň öňüni almak boýunça meselä garamakdan ýüz öwürmegine sebäp hökmünde, “Arhnadzor” topary tarapyndan komitete berlen binanyň suratlarynyň ýeterlik bolmanlygy aýdyldy.

“Arhnadzor” toparynyň aktiwistleri Orýetiň paýtagty Moskwada guruljak täze myhmanhananyň inwestorlary bilen hem duşuşypdylar we olary Alekseýewleriň jaýyny ýumurmakdan saklanmaga çagyrypdylar.

N.Samower taryhy binalary halas etmek boýunça häzir jemgyýetde aktiwligiň dörändigini belledi: “Bu täze bir ýagdaý we adamlaryň özüne degişli bolmadyk, emma tutuş jemgyýete degişli gymmatlyklary goramaga taýýardygyny görkezýär”.
XS
SM
MD
LG