Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinejad pars dilli ýurtlara ýüzlendi


Düýn Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň Owganystanyň we Täjigistanyň prezidentlerine aýtmagyna görä, bu üç goňşy döwlet daşary ýurt goşunlarynyň Aziýadan çykarylmagy üçin “NATO-nyň güýjüni deňagramlaşdyryp bilerdi”.

Ahmedinejad pars dilli üç ýurduň Tähranda geçen sammitinde çykyş etdi. Onuň sözlerine görä, olar howpsuzlyk boýunça güýçlerini jemlemeli.

“Bu üç döwletiň ykbaly biri-biri bilen jebis bagly. Eger bize kimdir biri daşardan basyş etse we kim çagyrylmadyk myhman bolsa, ol gitmelidir” diýip, prezident M.Ahmedinejad aýtdy.

Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaý, Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmon we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad ykdysady söwda we transport pudagy boýunça jebis hyzmatdaşlyk etmekde ylalaşdylar.

Eýranyň prezidenti daşary ýurt güýçlerini regiony terk etmäge çagyrdy we bu üç döwletiň ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG