Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Yraga kömek boýunça missiýasy dowam eder


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi guramanyň Yraga kömek bermek boýunça missiýasynyň möhletini ýene bir ýyl uzaltdy. Şeýle karary geňeşiň 15 agzasy goldady.

Geňeşiň agzalary Yragyň liderlerini 7-nji martdaky parlament saýlawlarynyň netijeleri boýunça tizräk täze hökümeti düzmäge hem çagyrdylar.

Bu saýlawlarda sesleriň aglabasyny alyp bilmedik öňki hökümet başlygy Iýada Allayiň tarapdarlary we häzirki premýer-ministriň blogy beýleki syýasy güýçler bilen bilelikde koalisiýa düzmek boýunça ylalaşmaýarlar.
XS
SM
MD
LG