Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň günbatarynda ýagyş ýagdy


Adaty bolmadyk yssydan soň düýn Moskwanyň günbatarynda ýagyş ýagandygy habar berildi.

Şol ýagyş Orsýetde giň ýaýran ýangynyň sönmegine ýardam etdi. Bu ýangynlarda ölenleriň sanynyň azyndan 50 adama ýetendigi habar berildi.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, Kemerowo regionyndaky kömür käniniň golaýynda ýangyn söndürilende 2 ýangyn söndüriji öldi.

Golaýda prezident D.Medwedew birnäçe ýokary derejeli harby resmini ýangynda harby bazanyň weýran bolmagynyň öňüniň alynmandygy üçin işden boşatdy.
XS
SM
MD
LG