Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň prezidenti britan ýolbaşçysy bilen duşuşdy


Londona sapar edýän Pakistanyň prezidenti Ali Zardari şu gün Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen resmi gepleşik geçirdi. Onda diplomatik dawany çözmek barada gürrüň edildi.

Bu dawa premýer-ministr D.Kameronyň Hindistana sapary mahalynda "Pakistandaky elementler yslam terrorizmini eksport etmäge ýol berýär" diýeninden soň döredi.

Pakistanyň aňtaw gullugynyň başlygy şol kommentariýalara protest hökmünde Britaniýa sapar etmekden ýüz öwürdi.

Prezident Ali Zardari terrorizme garşy göreşde pakistanlylaryň hem pida bolýandygyny D.Kamerona düşündirmekçidigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG