Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki ýangynlar “ýadro ýaraglaryna howp abandyrmaýar”


Şu gün Orsýetiň hökümeti ýurduň dürli regionlarynda indi birnäçe hepde bäri dowam edýän tokaý ýangynlarynyň Orsýetdäki ýadro ýaraglaryna howp abandyrmaýandygyny mälim etdi.

Orsýetiň ýadro ýarag güýçleri boýunça armiýasynyň metbugat sekretary Wadim Kawal şu gün bu barada «Ria nowosti» habar agentligine beren interwýusynda ýadro ýaraglarynyň we olaryň ammarlarynyň ýyldyrym urgusyna, elektrik zamykaniýalaryna we ýangynlara garşy durmaga ukyply materiallardan gurlandygyny aýtdy.

Orsýetiň resmileri şu günki güne çenli tokaý ýangynlary sebäpli azyndan 50 adamyň ölüp, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Şu gün tokaý ýangynlaryndan dörän tüsseler zerarly Orsýetiň paýtagty Moskwa gonmaly kommersiýa uçarlarynyň onlarçasy şäheriň aeroportyna gondurylmady.

Ýurduň Awiasiýa ministrliginiň resmileri şu gün bu ýagdaý sebäpli azyndan 60 töweregi uçaryň Ukrainanyň territoriýasynda gonmaly bolandyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG