Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamalarda bir polisiýa işgäri öldi


Şu gün Yragyň polisiýasy Bagdat şäherinde ýerli polisiýa gözegçilerini nyşana alyp amala aşyrylan iki sany partlamada bir polisiýa işgäriniň ölüp, azyndan 15 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Maglumata görä, bu partlamalardan biri şu gün irden Bagdatdaky şaýy ilatynyň agdyklyk edýän Kazimiýah kwartalynda amala aşyrylypdyr. Ol wakada 11 adam ýaralanypdyr.

Şol partlamadan birnäçe minut geçenden soň bolsa, şäheriň merkezinde ýene bir bomba partladylypdyr. Ikinji partlamada bir polisiýa işgäriniň ölüp, ýene birnäçe ýerli ýaşaýjynyň ýaralanandygy habar berilýär.

Maglumatda häzirlikçe bu hujumleriň jogapkärçiligini hiç bir toparyň öz üstüne almandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG