Sepleriň elýeterliligi

Komorowskiý Polşanyň prezidentligine kasam etdi


Ýakynda Polşada geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanan Bronislaw Komorowskiý şu gün ýurduň prezidentligine kasam etdi.

Polşadaky bu möhletinden öň geçirilen saýlawlar ýurduň ozalky prezidenti Leh Kaçinskiniň şu ýylyň 10-njy aprelinde Orsýetiň Smolensk oblastynda uçar heläkçiliginde aradan çykmagy netijesinde geçirilipdi.

Polşanyň ozalky parlament spikeri Bronislaw Komorowskiý geçen aý geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Leh Kaçinskiniň dogany Ýaroslaw Kaçinskiý bilen bäsleşip, berlen sesleriň sany boýunça ondan üstün çykypdy.
XS
SM
MD
LG