Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky sil howpy iň ýokary derejede


Şu gün Pakistanyň hökümeti ýurduň günorta regionlarynda ýüze çykan sil howpunyň derejesini gyzyl reňk bilen, ýagny, iň ýokary tebigy betbagtçylyk howpunyň derejesinde häsiýetlendirdi.

Ýurduň günortasynda ýüze çykan bu täze sil howpy sebäpli bu regiondan ýene goşmaça ýarym million töweregi ilat ewakuasiýa edildi.

Şu çaka çenli Pakistanda iki hepde bäri dowam edip gelýän sil heläkçiligi, esasan, ýurduň demirgazyk-günbatar regionynda uly betbagtçylyklary döretdi.

Bu sil heläkçiliginiň netijesinde 1 müň 500-den hem gowrak adam ölüp, 3.5 million töweregi adam öz ýaşaýan ýerlerini terk etmeli boldy.

Ýöne häzirki wagt Pakistanyň günorta regionyndaky Indus derýasynyň hem suwy ýokary göterilip, günorta regionda-da uly sil heläkçiliginiň ýüze çykmak howpuny abandyrýar.
XS
SM
MD
LG