Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýada Hirosima tragediýasynyň ýyl dönümi


Şu gün Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde Ikinji jahan urşunda bu şähere amerikalylar tarapyndan atom bombasynyň taşlanmagy bilen bagly bolan tragediýanyň ýyl dönümi bellenilip geçildi.

Bu hatyra çäresine gatnaşan dünýäniň 75 töweregi döwletiniň resmileriniň hatarynda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Fransiýanyň resmileri-de boldular. Mundan daşary, daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Gi Mun hem boldy.

Bu hatyra çäresine gatnaşyjylar ýerli wagt bilen ir sagat 8:15-de Hirosimada bir minutlyk dymyşlyk yglan etdiler.

Dogry 65 ýyl mundan ozal, 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda, ir sagat 8:15-de amerikan harby uçary şu Hirosima şäherine adamzat taryhynda ilkinji gezek atom bombasyny taşlapdy. Şol partlamanyň netijesinde bada-bat bu şäherde 140 müň töweregi adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG