Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň prezidenti Kameron bilen duşuşdy


Şu gün Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bilen Londonda gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikler soňky günler Britaniýa bilen Pakistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň belli bir derejede dartgynlaşan günlerine gabat geldi.

Geçen hepde Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň Pakistanyň howpsuzlyk güýçlerini terrorizmiň «eksport» edilmegine göz ýummakda aýyplap eden çykyşynyň yzy bilen, bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara belli bir derejede tow düşüpdi.

Şu gün Asif Ali Zardari bilen Deýwid Kameron öz geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden çykyşlarynda Pakistan bilen Britaniýanyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň iki ýurduň-da bähbidinedigini nygtadylar.
XS
SM
MD
LG