Sepleriň elýeterliligi

Medwedew şahsy pulundan 12 müň dollar bagyş etdi


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurtda dowam edýän tokaý ýangynlarynda öýleri ýanan adamlara ýardam hökmünde öz şahsy pulundan 12 müň dollar bagyş etdi.

Prezident administrasiýasynyň metbugat sekretary Nataliýa Timakowa bu barada «Ria nowosti» habar agentligine beren interwýusynda prezident Medwedewiň bu göreldesine Orsýetiň beýleki ýokary derejeli resmileriniň-de eýermeklerine garaşylýandygyny aýtdy.

Orsýetiň dürli regionlarynda indi üç hepdä golaý wagt bäri dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli ýurduň käbir şäherleri goýy tüsse bilen gaplanylyp alyndy.

Şu gün ekologiýa gözegçilik edýän «Mosekomonitoring» guramasy Moskwa şäherindäki kömürturşy gazynyň häzirki derejesiniň saglyk üçin howply derejeden hem bäş esse ýokarydygyny mälim etdi.

Orsýetiň resmileri şu günki güne çenli tokaý ýangynlary sebäpli ýurtda azyndan 50 adamyň ölüp, ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar
XS
SM
MD
LG