Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda 10 adamyň jesedi tapyldy


Şu gün Owganystanyň resmileri ýurduň demirgazyk-gündogar regionyndan daşary ýurtly raýatlaryň 8-siniň we ýerli owgan ýaşaýjylaryndan hem 2-siniň öldürilen jesetleriniň tapylandygyny habar berdiler.

Badahşan welaýatynyň polisiýa edarasynyň başlygy Aka Nuur Kintoz bu öldürilen daşary ýurtly adamlardan 6-synyň amerikan raýatlarydygyny, ýene biriniň Germaniýanyň raýatydygyny, beýleki biriniň şahsyýetinin bolsa heniz anyklanmandygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna gorä, öldürilen iki owgan raýaty bu daşary ýurtlularyň toparyna dilmaçlyk edýän adamlar eken.

Aka Nuur Kintoz bu oldurilenleriň jesediniň anna güni Badahşan welaýatynyň Kuran Wa Munjan etrapyndan tapylandygyny aýtdy.

Kabulda iş alyp barýan halkara gumanitar gurmanyň resmileri bu öldürilen adamlaryň şu gurama degişli bir toparyň agzalary diýlip çaklanylýandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG