Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad halkara habar serişdelerini tankytlady


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad öz janyna kast etmäge synanyşyk edilendigi barada ýakynda halkara habar serişdeleriniň ýaýradan maglumatlaryny tankytlap çykyş etdi.

Hususan-da, prezident Ahmedinejad şu geçen hepdäniň çarşenbe güni özüniň Hemadan şäherine eden sapary wagtynda eşidilen parkyldynyň bir ýaş oglanyň öz begenjinden atan baýramçylyk salýutynyň sesidigini aýtdy.

Onuň bu çykyşynyň öňýany Eýranyň resmi IRNA habar agentligi hem Hemadan şäherinde bolan bu wakany ilki arap habar serişdeleriniň, soňra-da Günbataryň habar serişdeleriniň Ahmedinedata edilen hüjüm hökmünde çişirip görkezendiklerini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG