Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda nobatdaky hökümet maslahaty geçirildi


Anna güni Gawun baýramyna gabatlanylyp Aşgabatda geçirilen nobatdaky hökümet maslahatynda halk-hojalygynyň dürli pudaklaryndaky ýagdaýlar barada maslahat edildi.

Maslahatda premýer-ministriň orunbasarlary öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanyň prezidentiniň obalardaky, şäherçelerdäki we etrap merkezlerindäki ilatyň sosial-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak baradaky Milli programmasynyň ýerine ýetiriliş ýagdaýlary barada-da durup geçdiler.

Mundan daşary, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşarky syýasatyndaky, kanunçylygyny kämilleşdirmekdäki, şeýle hem ylym, bilim we medeniýet pudaklaryndaky işleriň ýagdaýlary baradaky hasabatlar bilen-de tanyşdy.

Maslahatyň ahyrynda döwlet lideri ýakynda Ýalta şäherinde geçirilen alkogol içgileriniň Halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň çakyr önümleriniň bir «Gran-pri» hem-de sekiz sany altyn medala eýe bolmagy mynasybetli ýurduň çakyr önümçilik pudagynyň işgärlerini gutlady.
XS
SM
MD
LG