Sepleriň elýeterliligi

Eýrandan gaçyp çykan aklawçy bilen söhbet


Mostafaýy: "Men biziň adalat sistemamyz häzirki ýagdaýyndan üýtgeýänçä, gol gowşuryp oturmaryn. Men haýsy-da bolsa bir suddan gorkamok".

Mostafaýy: "Men biziň adalat sistemamyz häzirki ýagdaýyndan üýtgeýänçä, gol gowşuryp oturmaryn. Men haýsy-da bolsa bir suddan gorkamok".

Ýakynda eýranly meşhur ýurist Mohammad Mostafaýynyň aýaly we aýalynyň dogany tussag edildi. Bu wakany hukuk goraýjy aktiwistler Eýranyň häkimiýetleriniň “zamun alyjylyk syýasaty” diýip atlandyrdylar.

Mostafaýynyň kärdeşleri onuň häkimiýetler tarapyndan yzarlanmagynyň aňyrsynda adamsyna biwepalykda aýyplanan Sakineh Mohammadi Aştianiniň aklawçysy bolandygynyň ýatandygyny aýdýarlar.

Daşlanyp öldürilmeli edilen zenan - Aştianiniň aklawçysy bolan Mohammad Mostafaýynyň özi häzirki wagtda ýurduň daşyna gaçyp, Türkiýä bardy. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Golnaz Esfandiary telefon arkaly Mohammad Mostafaýy bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Eýrany terk etmäge sizi näme mejbur etdi we nädip Türkiýä aşdyňyz?

Mohammad Mostafaýy: Meni 24-nji iýulda Baş prokuraturanyň Ewin türmesindäki edarasynda sorag etdiler. Men ol ýere ir sagat 9-da bardym we öz işim barada üç sagat çemesi sorag edildim. Ahyry soragçy maňa: “Sen azat, gidiber” diýdi.

Men Ewin türmesini terk edip, daşary çykdym, soňra-da başga biriniň telefonyndan aýalyma jaň etdim. Men oňa problemam çözüldi we men çykdym diýdim. Mundan soňra birnäçe işim bardy. Şeýdibem, öýlän sagat bäşde öz edarama gitdim. Ol ýerde maňa özümi tussag etmäge eýýäm birnäçe ädamynyň gelendigini aýtdylar. Men aýalym bilen gepleşdim we ol maňa prokuraturadan kimdir biriniň jaň edendigini habar berdi. Şol kişi meniň prokuratura gitmelidigimi we eger barmasam, tussag ediljekdigimi aýdypdyr.

Men edaramda garaşdym. Emma, gelen bolmady. Soňra maňa gaýyn atam aýalymy we onuň erkek dogany Farhad Halimini tussag edendiklerini aýtdy. Şondan birnäçe gün soňra, resmiler aýalymy hem onuň doganyny zamun alandyklaryny we men özümi tabşyrýançam, olary goýbermejekdiklerini aýtdylar.

Men Eýrandan çykmagy karar etdim we maňa päsgelçiligiň boljakdygyny bilýärdim. Men serhetden Türkiýä geçdim we Wan şäherine aşdym. Ol ýerde men adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler bilen habarlaşdym we olar men barada Içeri işler ministrligine maglumat berdiler. Soňra men Stambula gitdim we polisiýa merkezine bardym. Şondan bäri Stambulda we Türkiýäniň hökümetiniň başga ýurda gitmegime rugsat bermegine garaşýaryn.

Azatlyk Radiosy: Siziň Eýrany terk etmek kararyňyzyň juda kyn bolan bolmagy mümkin. Çünki, aýalyňyz türmede otyr we gyzyňyz Tährandaky hossarlaryňyzda galýar dälmi?


Mohammad Mostafaýy: Men, dogrymy aýtsam, Eýranyň adalat sistemasyndakylaryň adamkärçilik barada nämedir bir zat bilýändigine ynanmaýaryn. Men biziň adalat sistemamyzda şeýle derejede bikanunçylyga ýol berilýändir diýip, pikir etmeýärdim.

Men hiç bir bikanun iş etmedik aýalymy iki hepdeläp ýapyk ýagdaýda tussaglykda saklarlar diýip oýlanmaýardym. Meniň aýalym bolandygy üçin ony tussag etdiler.

Men biziň adalat sistemamyz häzirki ýagdaýyndan üýtgeýänçä, gol gowşuryp oturmaryn. Men haýsy-da bolsa bir suddan gorkamok. Çünki, men nädogry iş edemok. Men diňe başgalara kömek edýärin.

Azatlyk Radiosy: Eýsem, resmiler siziň maşgalaňyza ýa-da özüňize näme üçin sizi tussag etmek isleýändiklerini aýtdylarmy? Sorag edenlerinde size haýsy-da bolsa bir aýyplama ýöňkedilermi?

Mohammad Mostafaýy: Sorag eden sülçi maňa işim barada sowallar berdi. Ol: “Sen näme üçin ýaş jenaýatçylara kömek edýärsiň? Sen näme üçin garaşsyz aklawçy bolyp işleýärsiň? Näme üçin olaryň janyny halas etmek üçin bank hasabyny açdyň?” diýen ýaly soraglary berdi. Emma, maňa haýsy-da bolsa bir günä ýöňkemedi. Men özümi tussag etmek barada näme üçin görkezme berendiklerini hakykatdanam bilmeýärin.

Azatlyk Radiosy: Biziň bilen gürrüňdeş bolan kärdeşleriňiziň pikiriçe, adalat sistemanyň işgärleri size Aştiýaniniň aklawçysy bolandyňyz üçin basyş edýärler. Eýsem, siziň özüňiz maşgalaňyzyň garşysyna edilen zatlar şol sebäpli diýip pikir edýärmisiňiz?

Mohammad Mostafaýy:
Men Sakine Muhammediniň aklawçysy we ony goramaga hukugym bar. Aklawçy öz müşderisiniň adalatsyz jezalandyrylmagynyň öňüni almak üçin elde baryny etmeli. Sakine Muhammediniň janyny halas etmek meniň borjumdy. Çünki adalat sistemasynyň işgärleri ony daşlanmakdan gutarmak üçin kömek etmedi.

Men onuň ýürek nalasyny bütin dünýäniň eşitmegi üçin kömek etdim. Netijede adalat sistemasynyň işgärleri bütin dünýäniň basyşyna duçar boldular we ol aýalyň daşlanyp öldürilmekden halas bolmagyna mümkinçilik döredi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG