Sepleriň elýeterliligi

Ekleýjisini ýitiren harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna ýeňillikli kredit bermek barada häkimiýetiň nobatdaky karary türkmen propagandasy tarapyndan aldygyna mahabatlandyrylýar.

Harby gullukçylaryň sosial goragy baradaky kanunyň hereket edýändigi aýdylýar. Emma şol ýeňillikli kreditiň häsiýeti we kimlere niýetlenýändigi nazara alynsa, häkimiýetleriň bu gowy başlangyjynyň harbylaryň juda çäkli toparyna ýa kategoriýasyna degişlidigi belli bolýar.

Parahatçylyk döwri ýaralanmadan ýa başga bir agyr şikest ýetmeden ekleýjisini ýitirmek prosent hasabynda juda ujypsyz. Şeýlelikde, tassyklanan ýeňillikli karz pul harby gullukçylaryň örän az sanly maşgalasyna degişli bolýar duruberýär.

Many-mazmuny boýunça prezidentiň karary kwartiralary, hususy ýaşaýyş jaýlaryny satyn almagy, daçalaryň gurluşygyny, öýleriň hem kwartiralaryň abatlaýyş işlerini, remontyny göz öňünde tutýar. Şeýle bolanda diňe bir ekleýjisini ýitiren harby gullukçylaryň maşgalalary däl, ýüzlerçe, müňlerçe beýleki harby gullukçylar-da şol mümkinçilikden peýdalynyp bilerdi.

Iň bärkisi harby gullukçylaryň sosial goragy baradaky kanundan diri gezip ýören harbylar köp zada garaşypdy. Häzirlikçe welin çykýan netije şeýle: öz maşgalasynyň ýeňillikli kredit almagy üçin harby gullukçy gulluk döwri ölmeli, wepat bolmaly.

Türkmen armiýasy ýurtdaky tutuş jemgyýetiň aýnadaky aýdyň şekili. Goşunyň problemalary beýleki graždan jemgyýetiň meselelelerinden onçakly tapawutlanmaýar.

Ulurak zatlar gerek

Ýokary aýlyk we beýleki ýeňillikler bilen goşun läliksiredilmeýär. Çäkli ýagdaýda ekleýjisini ýitirmek bilen döreýän umumy zerurlygyň fonunda berilmeli kredit harby gullukçylaryň sosial goragy baradaky kanunuň düşündirişinde juda az, ujypsyz bolup görünýär.

Häkimiýetler harbylar üçin ulurak zatlaram edip bilerdi. Hut häzir paýtagtda düýpli gurluşyklar sahylyk bilen maliýeleşdirilýär. Ministrlikleriň we beýleki döwlet edaralarynyň binalaryna ägirt uly möçberde pul goýberilýär.

Ýadygärlikleri, suw çüwdürimleri, köşkleri we döwlet häkimiýetiniň beýleki simwollaryny gurmaga-da uly çykdajylar planlaşdyrylýar. Ägirt uly düýpli şäher gurluşyklarynyň proýektleri bilen deňeşdirilende, sosial hajatlar üçin goýberilýän maliýe serişdeleri örän az.

Harby gullukçylaryň sosial goragy baradaky kanunyň durmuşda ýerine ýetirlişi baryp sowet zamanynda onýyllyklaryň dowamynda alnyp barlan praktikany ýene we ýene bir gezek tassyklaýar.

Ýeňiş güni diýen ýaly uly harby baýramçylyklarda esgerler we ofiserler hem olaryň maşgalalary üçin partiýanyň we hökümetiň alada etjekdigi barada nobatdaky wadalar berilýärdi. Baýramçylyk tamamlandygy onuň daşlaşyş tizligi bilen berlen wadalar hem ýatdan çykarylýardy.

Şol praktikany Türkmenistanda S.Nyýazow kabul edip alyp, ony ornaşdyrypdy. Ol ölenden soň hem şol praktika saklanyp galýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG