Sepleriň elýeterliligi

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň ähli künjeginde türkmen gawunynyň güni bellenilip geçildi.

Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen döredilen türkmen gawunynyň güni Türkmenistanda indi 1994-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenip gelinýär. Şol wagta çenli türkmen taryhynda bir bakja önüminiň hatyrasyna aýratyn bir baýramçylyk ýokdy.

Türkmen gawunynyň güni her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramyň ilkinji dörediläýen ýyllarynda oňa hiç kim bir pitiwa-da etmezdi. Sebäbi 1994-1997-nji ýyllarda Türkmenistan ykdysady krizisi başdan geçirýärdi. Şonuň üçin munuň ýaly ýöntemje baýramlar çalaja ýatlanyp geçer giderdi.

Bu baýrama ilatyň ünsüni has çekmek üçin ilki-ilkiler baýramçylygyň bellenilýän gününde dabara geçirilýän ýerde ilata mugtuna gawun hem paýlanylyp başlandy. Mugt gawun berilýänine düşünip ugran sada adamlar soňy bilen gawun baýramçylygyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp başladylar.

Mugtuna berilmäge çykarylan bir maşyn gawunyň yzyndan ylgaýan çagalary, uly adamlary keseden synlaýan her bir adam ýakymsyz duýga gaplanýardy. Belki, bu duýgyny hökümet başynda oturanlaram duýup ugrandyrlar-da, soňy bilen bu çäre öz-özünden ýatyp galdy.

Baýramçylyk güni dabara geçýän ýerde adamlara mugtuna gawun iýdirmek, dabara sowlansoň, galan gawunlary paýlamak şu günlerem bar, emma öňki ýyllardaky ýaly giden uly maşynlara gawun ýükläp getirip, ilata köpçülikleýin paýlamak dessury indi ýatyp galdy.

Uly üns berilýär

Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ýurtda bellenilip geçilýän dabaralaryň sany gün-günden köpelmek bilen boldy. Ol dabaralar ýöne bir bellenilip geçilmän, eýsem uly şowhun-şagalaň bilen bellenilýär. Ozal diňe awgustyň ikinji ýekşenbesinde kiçiräk dabara hökmünde bellenilýän Türkmen gawunynyň güni bu ýyl düýbünden başgaça röwşe beslendi.

Baýramyň iki hepde öň ýanyndan Berdimuhamedow Türkmen gawunynyň gününi gowy bellemegi degişli orunbasarlaryna tabşyransoň, ýurduň ähli ýerlerinde bu baýram bir hepde öňünden bellenilip başlandy. Hepdäniň anna gününde bolsa Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlap, oňa gül desselerini gowşurdylar.
Ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow öz egindeşlerinden diňe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününde, Bataraplyk gününde hem-de öz doglan gününde gutlaglary kabul ederdi. Berdimuhamedowyň Türkmen gawunynyň güni mynasybetli öz egindeşlerinden gutlaglary gül desseleri bilen kabul etmegi bu baýramyň syýasy äheňde uly ähmiýete eýe edildi.

Öz egindeşlerinden Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul eden Berdimuhamedow söz sözläp, ähli türkmen daýhanlary bu baýram bilen gutlady.

Türkmen gawunynyň şu günki ýagdaýy

Türkmen gawunynyň güni, ozaly bilen bakjaçy daýhanlaryň baýramy. Baýramyň bellenilýän günlerinde ýurduň ähli ýerlerinden bakjaçylaryň gatnaşmagynda bäsleşikler geçirilýär. Ol bäsleşikler iň äpet gawun, iň şirin gawun we ş.m. görnüşlerde geçirilýär. Ýeňiji bolan bakjaçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Türkmenistanda tanymal seleksioner Durdy Nepesowyň bu bäsleşiklerde elmydama ýeňiji bolmagy başarýandygyny ýeri gelende aýdyp geçmek gerek.

1998-2006-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda gawun ösdürip ýetişdirmek gaty kyn meseleleriň birine öwrüldi. Gawun siňeginiň bakja meýdanlaryna ornaşmagy daýhanlaryň hasylyna juda uly zeper ýetirýärdi. Ýetişen gawunlaryň köpüsiniň içi gurçukly bolýardy. Bu bolsa alyjylaryň gawuna bolan islegini peseldýärdi.

Häzirki wagtda gawun siňeginden doly saplandy diýlen ýaly. Bazarlarda içi gurçuklan gawunlara indi duşulanok. Emma şonda-da gawun iýmek adamlaryň köpüsine aňsat däl. 4-5 kilogramlyk gawunyň bahasy ortaça 10 manada düşýär. Gawunyň şeýle derejede gymmatlamagynyň esasy sebäbini onuň goňşy döwlet bolan Gazagystana äkidilip satylyp başlanmagyndan görülýär.

Özümizde öndürilýän gawunlaryň daşary ýurtlara köp mukdarda çykarylmagy ýurtda gawunyň bahasynyň galmagyna getirdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG