Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew: “Abhaziýa bilen hyzmatdaşlygy saklarys”


Ors-gürji urşunyň 2 ýyllygynyň bellenmegine gabatlap, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew garaşylmadyk ýagdaýda Abhaziýa bardy.

Kreml Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar edenden soň prezident D.Medwedew ilkinji gezek Abhaziýa sapar etdi.

Prezident D.Medwedew Suhumide Abhaziýanyň prezidenti Sergeý Bagapş bilen duşuşyp, gepleşik geçirdi.

Suhumide eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti Abhaziýa bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary saklamagy dowam etdirjekdigini aýtdy.

D.Medwedew howpsuzlyk meselesinde öz ýurdunyň Abhaziýa berýän ýardamyny dowam etdirjekdigini hem nygtady.

Gürjüstanyň hökümeti bolsa D.Medwedewiň Abhaziýa saparyny tankytlady.

Gürjüstanyň premýer-ministriniň orunbasary Timur Ýakobaşwili D.Medwedewiň köpçüligiň ünsüni Orsýetdäky ýangynlar bilen bagly problemadan başga zatlara sowmaga synanyşýandygyny öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG