Sepleriň elýeterliligi

Basradaky partlama 43 adamyň ölümine sebäp boldy


7-nji awgustda Yragyň Basra şäherinde bolan partlama sebäpli heläk bolan adamlaryň sany 43-e ýetdi.

Ululygy boýunça Yrakda ikinji orunda durýan Basra şäheriniň Al-Aşaar bazarynda bolan partlamada azyndan 185 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

7-nji awgustda Yrakda amala aşyrylan beýleki hüjümde azyndan 7 polisiýa işgäriniň öldürilendigi hem habar berildi.

Bu wakalarda parahat ýaşaýjylaryň hem heläk bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG