Sepleriň elýeterliligi

Moskwada howanyň hili henizem ýaramaz


Orsýetde 176 müň gektar ýerde ýangynyň möwç alýandygy habar berilýär. Bu ýangynlarda ölenleriň sany 50 adama ýetdi.

Ýangyndan ýaýraýan tüsse Orsýetiň paýtagty Moskwada howanyň hiliniň juda peselmegine getirdi.

Häzirki wagtda Moskwada howanyň hapalygy kadaly ýagdaýdan 6 esse ýokary bolup durýar.

Ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Orsýet boýunça 600-e golaý ýangyny heniz hem söndürmek başartmady diýip, habar berýär.

Moskwanyň aeroportunda ýaramaz howa şertleri we tüsse sebäpli uçarlaryň gatnawy hem üýtgedilýär. Käbir reýsler doly ýatyrylýar, beýlekiler gaýra goýulýar.
XS
SM
MD
LG