Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda toprak süýşmesi sebäpli ençeme adam öldi


8-nji awgustda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şäherçe toprak süýşmesi netijesinde gömüldi. Bu wakada 120-den gowrak adam heläk boldy, 2 müňe golaý adamyň ykbaly häzirlikçe näbelli.

Hytaýyň Ksinhua habar gullugynyň beren maglumatynda bu betbagtçylygyň Tibete ýakyn Gansu welaýatynda bolandygy aýdylýar. Bu ýerde halas ediş işleriniň geçirilýändigi habar berilýär.

Bu wakadan öň Hytaýda şu ýylyň dowamynda bolup geçen tebigy hadysalarda 1,100-e golaý adamyň heläk bolandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG