Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistandaky çaknyşykda iki gozgalaňçy öldürildi


Orsýetli resmileriň aýtmagyna görä, düýn Çeçenistanyň paýtagty Groznynyň golaýynda bolan çaknyşykda iki gozgalaňçy we howpsuzlyk güýçleriniň bir işgäri heläk boldy.

Içeri işler ministrliginiň wekili Walentin Talalaýewyň aýtmagyna görä, şol gozgalaňçylar Federal harby gulluklara hüjüm etmek üçin bir öýde gizlenipdirler.

Çeçenistanda gozgalaňçylar bilen bagly ýüze çykýan çaknyşyklar täzelik däl. Bu respublika iki gezek uly göwrümli içerki çaknyşyklary başdan geçirdi.
XS
SM
MD
LG