Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sanksiýalaryň täsirine garşy çäre gözleýär


Eýranyň Merkezi bankynyň ýolbaşçysy “BMG tarapyndan Tährana garşy girizilen sanksiýalaryň täsirini azaltmak üçin ýurda import edilýän harytlaryň möçberini azaltmaly” diýdi.

Bankyň ýolbaşçysy Mahmod Bahmani bu barada düýnki eden çykyşynda “Eýran import edilýän önümleri, ýurduň içinde ulanylýan gazyň möçberini azaltmaly. Sanksiýalara çydamak üçin ýaňky çäreler bilen bir hatarda ýurduň içindäki önümçiligi artdyrmakdan başga çykalga ýok” diýdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 9-njy iýulda Eýranyň ýadro programmasyna garşy sanksiýalaryň täze tapgyrynyň girizilenligini yglan edipdi.

Günbatar Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaraglaryny öndürmäge gönükdirilenligini aýdýar. Emma Tähran bu aýyplamalary ret edip, öz programmasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini öňe sürýär.

BMG tarapyndan bu ýurda garşy girizilen täze sanksiýalar esasan hem Eýranyň bank, maliýe we energiýa pudaklaryny nyşana alýar.

ABŞ we ÝB Eýrana garşy käbir goşmaça sanksiýalary hem girizýändiklerini yglan etdiler.
XS
SM
MD
LG