Sepleriň elýeterliligi

Pakistan ejir çekýär


Pakistanda täzeden başlanan güýçli ýagyn suw joşmasyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýetirmek bilen bagly işleri kynlaşdyrdy.


Soňky 80 ýylyň dowamynda iň güýçli suw joşmasy Pakistanda 12 milliondan gowrak adamynyň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Dowamly guýýan çagba Pakistanda tebigy betbagytçylykdan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýetirmek üçin zerur bolan harby dikuçarlaryň işine päsgelçilik döredýär.

Bu sil heläkçiliginde 1,600 adamyň ölendigi, müňlerçe jaýlary sil alyp, ekin meýdanlarynyň weýran bolandygy habar berilýär.

Pakistanyň Sindh welaýatynda suw joşmasy zerarly 1 milliona golaý adam howpsuz ýerlere göçürildi. Ýöne olaryň köpüsi açyk asmanyň astynda ýaşaýarlar. Ilata suw hem azyk ýetmezçilik edýändigi aýdylýar.

Adamlar kyn ýagdaýda

Gotky obasynyň ýaşaýjysy Muhammet Myrat maşgalasynyň ähli emlägini siliň alandygyny gürrüň berdi: “Biziň az-owlak mal-garamyz galdy diýäýmesek, başga hemme zadymyzy sil aldy. Biziň azyk ätiýaçlyklarymyz gaty az. Häzir biz diňe iýmitiň aladasyny edýäris, başga zatlar barada pikir hem etmeýäris”.

Pakistanyň metereologiýa gullugy ýurduň Sindh welaýatynda ýene birki günüň dowamynda ýagşyň ýagjakdygyny çaklaýar. Bu ýerdäki obalaryň ýollary weýran boldy, siliň ugrundaky köprüler weýran boldy. Şeýdip, bu ýerdäki ilat üzňelikde galdy.

Sil heläkçiliginden iň köp zeper ýeten regionlaryň hataryna ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kyber Paktunkwa welaýaty girýär. Bu ýerdäki ýagdaýyň gitdigiçe ýaramazlaşýandygy habar berilýär. Öýsüz-öwzarsyz galan halk wagtlaýynça mekdeplerde hem beýleki binalarda ýerleşdirildi.

Öýüni sile aldyran adamlar wagtlaýyn gaçybatalgalardaky agyr şertlerden şikaýat edýärler. Şeýle gaçybatalgalaryň onlarçasyndan biri bolan Utmanzaý lagerinde dikilen çadyrlarda ýaşaýan Tahir Han öz ýaşaýan ýerlerini suw alyp, öýüniň ýumrulandygyny gürrüň berdi.

“Biziň ýykylan öýlerimiziň ýanynda çadyr dikdiler. Hökümetden başga kömegi biz-ä görmedik. Bütin dünýäden bize ynsanperwerlik kömek iberilýär. Emma harbylar bize hiç zat bermediler” diýip, Tahir Han aýdýar .

Halkara kömek


Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani kömek sorap, halkara jemgyýetçiligine ýüzlenenden soň, dünýäniň köp ýurtlary duýgudaşlyk bildirip, Pakistandaky betbagytçylykdan ejir çekenlere ýardam bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.

ABŞ goňşy Owganystandaky goşunlaryny, dürli tehniki enjamlary, şol sanda dikuçarlary Pakistana iberýär. NATO Pakistan üçin niýetlenen ynsanperwerlik ýükleri ýurda daşamak işlerini sazlaşdyryp, ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Diňe Kyber Paktunkwa hem Penjap welaýatlarynda 650 müň jaýyň ýykylyp-ýumrulandygy aýdylýar. Bu bolsa 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda Pakistanda bolan güýçli ýer titremede ýumrulan jaýlaryň sanyndan hem köpdür.

Bu tebigy hadysalardan soň, dikeldiş işlerini geçirmek üçin iň bolmanda iki ýarym milliard dollara barabar serişdäniň zerur boljakdygy çaklanylýar.

Pakistanyň prezidenti Azif Ali Zardari bolsa, Ýewropa eden saparyny gysgaltmakdan boýun gaçyrandygy üçin ýiti tankyda sezewar boldy. Ol suw joşmasy bilen bagly krizisi Pakistanyň premýer-ministriniň çözüp biljekdigini aýdyp, öz saparyny dowam etdirdi.

Goňşularyndaky ýagdaý

Dowamly ýagan çagbaly ýagyş diňe Pakistana däl, goňşy ýurtlara hem zyýan ýetirdi. Hindistanyň birnäçe welaýatyny suw basdy. Suw joşmasy zerarly Gimalaýda ýerleşen Ladak regiony suwuň astynda galdy. Bu ýerde azyndan 130 adamyň ölendigi aýdylýar.

8-nji awgustda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şäherçe toprak süýşmesi netijesinde gömlüp, bu wakada 127-den gowrak adam heläk boldy. iki müňe golaý adamyň ykbaly näbelli.

Hytaýyň “Sinhua” habar gullugynyň beren maglumatynda bu betbagtçylygyň Tibete ýakyn Gansu welaýatynda bolandygy we bu ýerde halas ediş işleriniň geçirilýändigi aýdylýar.

Bu wakadan öň Hytaýda şu ýylyň dowamynda bolup geçen tebigy hadysalarda 1100-e golaý adamyň heläk bolandygy habar berildi.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG