Sepleriň elýeterliligi

Netanýahu gämi hüjümi boýunça düşündiriş berdi


Netanýahunyň ýapyk gapylaryň aňyrsynda ýazmaça beren düşündirişleri öýläne çenli dowam etdi, 9-njy awgust, 2010.

Netanýahunyň ýapyk gapylaryň aňyrsynda ýazmaça beren düşündirişleri öýläne çenli dowam etdi, 9-njy awgust, 2010.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu şu gün resmi komissiýa beren düşündirişinde Ysraýylyň goranmak güýçleriniň Gaza gabawyny bozmaga synanyşan parahatçylykly flotiliýany togtadanynda halkara kanunlaryna laýyk hereket edenligini aýtdy.

31-nji maýda Ysraýyl esgerleri tarapyndan dokuz sany türkiýeli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist öldürildi. Netanýahu bu waka barada barlag geçirýän resmi komissiýa: “Flotiliýa togtadyldy, sebäbi men Ysraýyla howp abanmagyny äsgermezlik edip bilmedim” diýdi. Ol şeýle hem konwoýyň alyp barýan kömeginden Hamasyň peýdalanjakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň pozisiýasy

Netanýahunyň ýapyk gapylaryň aňyrsynda ýazmaça beren düşündirişleri şu gün öýläne çenli dowam etdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mark Regew görkezmede Netanýahunyň Ysraýylyň pozisiýasyny açyk beýan edenligini aýtdy: “Premýer-ministr öz görkezmesinde Ysraýylyň tutumyny açyk suratlandyrdy. Ol 31-nji maýdan ozal deňizde çaknyşyk turmagynyň öňüni almak üçin Ysraýyl hökümetiniň köp diplomatik tagalla edendigini aýtdy”.

M.Regew bularyň näme tagallalardygyny şeýle beýan etdi: “Biz regiondaky hökümetler, ähli degişli hökümetler bilen gürleşip, ýüküň Ysraýylyň Aşod ýa-da Müsüriň El-Arişiň portunyň üsti bilen sag-aman Gaza ýetirilmegini teklip etdik. Ýöne, gynansak-da, gämidäki adamlaryň isleýäni parahatçylykly çözgüt däl-de, çaknyşykdy”.

Öňümizdäki birnäçe günlükde 31-nji maý hüjüminde ýene möhüm rol oýnan iki adamyň düşündirişi diňlener. Bularyň biri Ehud Barak, beýlekisi-de harby ştabyň başlygy Gabi Aşkenazi.

Jedeliň esasy meselesi

Jedeliň esasy meselesi – dikuçarlar bilen türk gämisi “Mawy Marmaranyň” üstüne desant bolup düşen Ysraýylyň esgerleriniň hereketi. Ysraýyl olaryň özlerine aktiwistler tarapyndan hüjüm edilensoň, ot açandyklaryny aýdýar. Aktiwistleriň aýtmagyna görä bolsa, esgerler gämä baran badyna ýaragsyz adamlara garşy ot açypdyrlar.

Hüjüm halkara derejesinde ýiti tankyda uçrady. Ol Ysraýylyň özüniň ozalky ýeke-täk ýakyn musulman ýarany Türkiýe bilen gatnaşygyna uly zyýan ýetirdi.

Barlag geçirýän häzirki komissiýanyň işine hem hemmeler ynam edip baranok. Sebäbi aktiswistleriň öldürilmegi barada hemme ýerden tankyt ýagansoň, bu komissiýany Netanýahunyň hökümetiniň özi döretdi.

Ýöne Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşi tarapyndan hem bir barlag alnyp barylýar. Ysraýyl “Bu topar Ysraýyla garşy” diýip, BMG-e tarapyndan döredilen komissiýa bilen hyzmatdaşlyk etmekden boýun towlaýar.
XS
SM
MD
LG