Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-ABŞ-Kanada harby-graždan türgenleşigi geçirilýär


Orsýet, ABŞ we Kanada ilkinji gezek terrorizme garşy bilelikdäki harby-graždan türgenleşigini geçirýärler.

Orsýetiň hem Amerikanyň harby uçarlary hamana ekstremist tarapyndan zamun alnan ýolagçy uçaryny tutmak işini amala aşyrmaly.

Plan boýunça ýekşenbe güni Alýaskadan Uzak Gündogara uçan ýolagçy uçaryny ilki amerikan harby uçarlary, soňra Russiýanyň uçary yzarlamaly.

Bu türgenleşik sişenbe gününe çenli dowam edýär.
XS
SM
MD
LG