Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda bolan partlamada 2 adam öldi


Yragyň paýtagty Bagdatda bolan mina partlamasynda 1 polisiýa gullukçysy we tötänlikde geçip barýan bir adam öldi.

Awgust aýy başlany bäri belli maksada gönükdirilen şeýle hüjümden Bagdadyň ýol polisiýasyndan 5 çemesi adam ölüp, 27 sanysy ýaralandy.

Düzgüne laýyklykda, ýol polisiýalary ok geçirmeýän penjek geýmeýärler we diňe sapança göterýärler. Golaýda olar özleriniň ýaraglanyşynyň güýçlendirilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG