Sepleriň elýeterliligi

Liberiýanyň öňki lideri harby jenaýatçylykda aýyplanýar


Amerikan kino aktrisasy Miýa Ferrow Gaaga tribunalynda Liberiýanyň öňki prezidenti Çarlz Teýloryn garşysyna görkezme berýär. Teýlor harby jenaýatçylykda aýyplanýar.

Miýa Ferrowyň aýtmagyna görä, 1997-nji ýylda britan modeli Naomi Kembell Günorta Afrika Respublikasyna baranynda, hormatly agşam naharyndan soňra Çarlz Teýlor oňa uly möçberde işlenmedik brillianty teklip edipdir.

Geçen anna güni tribunalda beren görkezmesinde Naomi Kembell bu fakty ret etdi. Onuň aýtmagyna görä, şol hormatly agşamlyk naharyndan soňra bir näbelli adam oňa birnäçe daş beripdir. Naomi Kembell onuň brilliantdygyny we kim tarapyndan berlendigini bilmeýändigini aýdýar.

Liberiýanyň öňki lideri 1992-2002-nji ýyllaryň graždan urşunda Serra-Leonda müňlerçe adamyň gyrylmagyna görkezme beripdir. Ol bikanun brilliant söwdasynyň üsti bilen ýarag satyn alypdyr.

Bu aýyplamalaryň barysyny 62 ýaşly Çarlz Teýlor ret edýär.
XS
SM
MD
LG