Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada ölýänleriň sany iki esse artdy


Moskwanyň eteginde bolan adatdan daşary yssydan we tüsseden Orsýetiň paýtagtynda ölýänleriň sany iki esse artdy.

Bu barada Moskwa şäheriniň Saglygy goraýyş departamentiniň ýolbaşçysy Andreý Selsowskiý şeýle diýdi: “Şäherde ortaça adam ýitgisi adaty wagtda bir günde 360-380-a golaý bolýar. Bu gün bizde 700-e ýakyn".

Geljek çarşenbe güni şemalyň üýtgemegi zerarly howanyň birneme gowulaşjakdygyny çaklaýarlar.

Orsýetiň Adatdan daşary ýagdýalar baradaky gullugynyň başlygy Sergeý Şoýgu tutuş Russiýa Federasiýasy boýunça 500-den gowrak tokaý ýangynynyň hasaba alnandygyny we ýangyn netijesinde 50-den gowrak adamyň ölendigini mälim etdi.

Olardan 42 ýangyn Moskwanyň eteginde bolupdyr. Ýangyn söndürmek işine 150 müň adam gatnaşýar.

XS
SM
MD
LG