Sepleriň elýeterliligi

ÝB Transhazar gaz ylalaşygyna garaşýar


Hazar deňziniň türkmen tarapyndaky ýangyç platformasy.

Hazar deňziniň türkmen tarapyndaky ýangyç platformasy.

Ýewropa Bileleşigi Orsýete garaşlylygyny azaltmak üçin Hazar deňziniň we Ýakyn Gündogaryň tebigy gazyny “Nabukko” proýektiniň üsti bilen import etmegi planlaşdyrýar. Şol sebäpli ÝB Hazaryň astyndan çekiljek gazgeçiriji boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşyga gelmeklerine garaşýar.

Geçen hepde türkmen metbugaty Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň ýolbaşçysy Ý.Kakaýewiň we daşary işler ministriniň orunbasary T.Kömekowyň 3-nji hem 9-njy awgust aralygynda Nýu Ýorka sapar edýändiklerini habar beripdi.

Bu saparyň dowamynda türkmen resmileri energiýa tranziti boýunça halkara hukuk resminamalaryny taýýarlajak ekspertler toparynyň döredilmegi babatda BMG-niň resmileri bilen gepleşik geçirerler diýlip, resmi metbugatda habar berildi.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da ýerleşýän "Bloomberg" neşiri ÝB-niň energiýa wekilleri Hazar deňziniň astyndan azyndan bir gazgeçirijiniň gurulmagy boýunça türkmen-azeri ylalaşygynyň gazanylmagyna esas döredip biljek dokumentiň nusgasyny taýýarladylar diýip, habar berýär.

Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýew bolsa "Bloomberg" neşiri bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Azerbaýjanyň Türkmenistandan heniz anyk teklip almandygyny, emma özleriniň türkmen gazyna tranzit mümkinçiligini bermäge taýýardyklaryny bildirdi.

“Adatdan daşary tagallalar”

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (çepde) we ÝB-niň energiýa komissary Gunter Öttinger Bakuwda, 12-nji awgust, 2009-njy ýyl.
ÝB-niň resmileri agzalýan dokument boýunça beýanat bermekden saklandylar. Emma ÝB-niň energiýa komissary Gunter Öttinger 27-ni iýulda Halkara Odessa forumynda “Nabukko” proýektini öz içine alýan “Günorta koridor” proýektiniň üstünlik gazanmagy üçin “adatdan daşary tagallalaryň” gerekdigini aýdypdy.

“ÝB proýekte degişli ýurtlar bilen ýol alnyp bilinjekdigini görkezýär we biz häzirki wagtda bu ugurda iş alyp barýarys. Emma men munuň ynjyk ýoldugyna, üstünligiň diňe bize bagly däldigine düşünýärin. Bu ugurda üstünlik gazanmak üçin adatdan daşary çäreleri görmeli bolmagymyz mümkin” diýip, G.Öttinger aýtdy.

ÝB-niň energiýa komissary G.Öttinger haýsy çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny anyk aýtmady, emma Hazar Ösüş Korporasiýasynyň döredilmegini ýa-da Transhazar gazgeçirijisiniň gurulmagyny mysal getirdi. Bu çäreler täze gaz üpjünçileriniň ÝB bilen hyzmatdaşlyk etmeklerine has hem itergi berer diýip, ol sözüne goşdy.

Dokumentiň käbir şertleri


ÝB tarapyndan taýýarlanandygy aýdylýan dokumentiň nusgasyna görä, Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň astyndan çekiljek gazgeçirijiniň eýesiniň bu emlägi doly derejede bazar şertlerine görä ulanjakdygyna güwä geçmeli diýip, "Bloomberg" ýazýar.

Emlägiň eýesi gazgeçirijiden boş ýer bermegi ýa-da mümkin bolan göwrümiň ulanylmagyny ret edip bilmez diýip, şol ýerde aýdylýar. Bu barada "Bloomberg" neşiri habar berýär. Emma gazgeçirijiniň uzynlygy ýa-da göwrümi görkezilmändir.

Turbany ulanyp biljek taraplar kesgitlenende, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hökümetleri biri-birleri bilen maslahatlaşmaly, gazgeçiriji tebigy gazy iki tarapa akdyrmak üçin hem ulanylyp bilner diýip, "Bloomberg" dokumentiň nusgasyna salgylanyp ýazýar.

“Syýasy mesele”

7,9 milliard ýewroluk “Nabukko” proýektiniň paýdary bolan Awstriýanyň OMV AG kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň agzasy Werner Auli 4-nji awgustda Wenadaky metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda “Bu uzyn ýol däl, suw hem çuň däl, bu esasan syýasy mesele” diýdi.

“Şol sebäpli Brýussel bu proýekte başlady. Azeriler we türkmenler bu gazgeçirijiniň gurluşygyna başlap bilerler ýaly, Brýussel hukuk meselelerini çözmek üçin giňişleýin iş alyp barýar” diýip, Awstriýanyň OMV AG kompaniýasynyň dolandyryş toparynyň agzasy Werner Auli "Reuters" agentligine aýtdy.

OMV AG kompaniýasynyň wekili W.Auliniň aýtmagyna görä, “Nabukko” proýektiniň maliýeleşdirilmegi boýunça gutarnykly karar, gijä galan ýagdaýynda, indiki ýylyň ilkinji çärýeginde kabul ediler: “Bu barada konsorsiumyň agzalary açyk möwsüm prosesinde karara gelerler”.

“Nabukko” konsorsiumy şu ýylyň ahyryna çenli inwestisiýa boýunça gutarnykly netijä gejekdigini aýdýar, emma bu proýekt häzire çenli ençeme gezek soňa süýşürildi. OMV AG kompaniýasynyň wekili bolsa, “Ahyrky netijä şu ýyl hem gelinmegi hem mümkin...sebäbi açyk möwsüm prosesi üç aýa çekýär” diýdi.

“Nabukko”

ÝB tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektiniň gaz bilen üpjün edilmegi belli bir derejede Türkmenistana hem bagly bolup durýar. Ýyllyk 31 millard kubmetrlik tebigy gazy Ýewropa akdyrjak turbalara Türkmenistanyň ýyllyk 10 millard kubmetrlik tebigy gaz akdyrmagyna garaşylýar.

Ýakynda Türkmenistan Ýolöteniň Osman gaz ýatagyndan Hazaryň ýakasyna tarap 800 kilometrlik “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijisiniň gurluşygyna hem başlady. 1,5 milliard dollarlyk bu gazgeçiriji ýurduň ummasyz gaz ätiýaçlyklaryna eýe bolan gündogar regionyny Hazar regiony bilen baglanyşdyrar.

“Nabukko”gazgeçirijisiniň uzynlygy bolsa 3,300 kilometrde barabar bolup, munuň agramly bölegi – 2,730 kilometri Türkiýäniň üstünden geçýär. Deslapky plana görä, gurluşyk 2011-nji ýylda başlanyp, proýektiň esasy bölegi 2015-nji ýylda tamamlanmaly.

“Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşygyna Awstriýanyň OMV AG, Wengriýanyň MOL Nyrt, Bolgariýanyň Bulgargaz EAD, Ruminiýanyň Transgaz SA, Germaniýanyň RWE AG we Türkiýäniň BOTAŞ energiýa kompaniýalary gatnaşarlar. Bu proýekt azyndan 7,000 iş orunlaryny hem döreder diýlip çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG