Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly žurnalist halkara baýraga mynasyp boldy


Tanymal eýranly žurnalist we dissident Akber Ganji Halkara metbugat institutynyň “Bütindünýä boýunça metbugat azatlygynyň gahramany” atly baýragyna mynasyp boldy. Oňa bu baýrak Eýranda alyp baran batyrgaý işleri üçin berildi.

1980-1990-njy ýyllar aralygynda Eýranda intellektuallaryň we dissidentleriň janyna kast etmek boýunça amala aşyrylan çäreleriň hökümet bilen ilteşigi barada 1999-njy ýyllarda çap edilen makalalary sebäpli, Ganji 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ganji türmede hem žurnalistik işlerini dowam etdirdi. Onuň şol döwürde ýazan kitaby 2000-nji ýylda geçirilen saýlawlarda ençeme konserwator kandidatyň ýeňilmegine sebäp boldy.

Ganji 2006-njy ýylda azat edilenden soň Eýrany terk etdi. Onuň iňlis dilinde ýazylan ilkinji kitaby 2008-nji ýylda çapdan çykdy.
XS
SM
MD
LG