Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan kanun çykaryjylar Liwana berilmeli ýardama garşy


Geçen hepde Ysraýyl bilen Liwanyň serhedinde bolan çaknyşykdan soň Liwanyň armiýasyna berilmeli ýardam boýunça programmanyň tassyklanmagyna amerikaly kanun çykaryjylaryň garşy çykýanlygy aýdylýar.

3-nji awgustda bolan şol çaknyşykda Liwanyň iki harbysy, bir liwanly žurnalist we ýokary derejeli ysraýylly harby wepat bolupdy.

Bu waka Liwanda ýerleşýän we Eýran tarapyndan goldanylýanlygy aýdylýan “Hizbullah” topary bilen Ysraýylyň arasynda 2006-njy ýylda ýüze çykan çaknyşykdan soň sebitde dörän iň uly dartgynlykdyr.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti şol çaknyşyk zerarly Liwan we ABŞ-nyň arasynda dowam edýän harby gatnaşyklary Obamanyň administrasiýasynyň gaýtadan gözden geçirmegi planlaşdyrmaýanlygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG