Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýygnaljak gallanyň möçberi az bolar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin düýnki eden çykyşynda şu ýyl ýygnaljak galla hasylynyň möçberiniň 60-65 million tonnan aralygynda boljakdygyny aýtdy.

Ýurduň gurakçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolup duran häzirki döwründe orta atylan bu pikir bugdaý hasylynyň möçberiniň garaşylşyndan 10 million tonna az boljakdygyny aňladýar.

Dünýäniň iň köp galla öndürýän üçünji ýurdy bolan Orsýet şu ýylky dörän gurakçylyk we tokaýlarda emele gelen ýangyn zerarly 10 million gektar meýdanda ekilen önimini ýitirdi.

Orsýetiň Meteorologiýa edarasynyň ýokary derejeli wekili Aleksandr Frolow bu barada eden düýnki çykyşynda şeýle diýdi: “Orsýetiň Döwlet meteorologiýa gullugy şu ýyl alynmagyna garaşylýan galla hasyly boýunça täze maglumat ýaýratdy. Şoňa görä, şu ýyl 67-70 million tonna töweregi galla ýygnalar. Bu möçber geçen ýyl 97 million tonna barabar bolupdy.

Frolowyň aýtmagyna görä, ýurtda dowam edýän gurakçylyk zerarly Orsýetiň şu ýylky kartoşka hasyly geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30-35% az bolar.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin geçen hepde eden çykyşynda bugdaýyň bahasyny gözegçilikde saklamak üçin 15-nji awgustdan başlap galla eksportynyň togtadylýanlygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG